Almanyň sortlarynyň häsiýetnamasy

Gyzyl ýaňak. Agajy orta boýly, gabarasy tegelek. Oturdylandan soňky 4-5-nji ýylynda miwe getirip başlaýar. Miweleri dykyz etli, her biri 40-50 gram, ownuk, togalak şekilli. Gabygynyň reňki goňrumtyl, ýaýraň, gyzgylt öwüşginli. Miwesiniň gabygynyň aşak tarapy nokat şekilli tegmilli, eti goňrumtyl reňkli bolup, turşumtyk-süýji tagamlydyr

(1-nji surat).

Miweleri iýunyň birinji ongünlüginde bişip ýetişýär. Yzygiderli hasyl berýär, 7 ýaşynda 40-50 kilogram miwe getirýär. Miweleri iki hepdäniň dowamynda üytgemän saklanýar, uzak aralyga äkitmäge ýaramlylygy kanagatlanarly. 

1-nji surat. Almanyň Gyzylýaňak sorty

Sowgat. Agajynyň ösüş güýji ortaça, oturdylandan soňky 4-5nji ýylynda miwe getirip başlaýar we her ýyl hasyl berýär. Miweleri orta ululykda (65-70 gram), gabygy ýaşylymtyl-goňur, gapdaly gyzyl reňkde bolýar. Miwesiniň eti ak reňldi, suwly, turşumtyk-süýji tagamly.

Miweleri ir, ýagny iýunyň ikinji ongünlüginde ýetişýär. Agaç 7-8 ýaşynda 50-55 kilogram miwe getirýär. Miweleri ýyglandan soňra iki hepdäniň dowamynda üýtgemän saklanýar (2-nji surat).

Miweleriniň uzak aralyga äkitmäge ýaramlylygy kanagatlanarly.

2-nji surat. Almanyň Sowgat sorty

Altynsow ajaýyp. Agajy orta boýly, sütüni berk, gabarasy tegelek. Oturdylandan soňky 4-5-nji ýylynda miwe getirip başlaýar.

Miweleri orta möçberde 100-110 gram, göze ýakymly, sary reňkli, gabygynyň gyzgylt çyzyklary bar. Miwesiniň eti dykyz, suwly, turşumtyk-süýji tagamly (3-nji surat).

Miweleri iýul aýynyň ortasynda ýetişýär. Yzygiderli gowy hasyl berýär, 7-8 ýaşly agaçlar 40-50 kilogram miwe getirýär. Miweleri ýyglandan soňra 30 günden köpräk wagtyň dowamynda hilini üýtgetmän saklaýar. Miweleri uzak aralyga äkitmäge ýaramly bolýar. 

3-nji surat. Almanyň Altynsow ajaýyp sorty

Nowaýy. Agajy orta boýly, şahalary selçeň ýerleşen, gabarasynyň depesi tekiz bolýar. Oturdylandan soň 5-nji ýylynda miwe getirip başlaýar.

Miweleri iri (200-230 gram), aşak tarapy süýnmegräkden togalak, depesi az-kem dilim-dilim. Gabygy ýaşylymtyl-ak reňkli, gyzgylt öwüşgini ýok. Miwesiniň eti çala ak reňkli, ortaça dykyzlykda, gaty suwly bolýar. Çala hoşboý ysly, turşumtyk-süýji tagamly (4-nji surat).

Miweleri iýulyň ikinji ýarymynda bişip ýetişýär. Yzygiderli gowy hasyl berýär, 8 ýaşan her agaç 35-40 kilogram miwe getirýär. Miweleri ýyglandan soňra 20 günden köpräk wagtlap durkuny üýtgetmän saklaýar. Miweleriniň uzak aralyga äkitmäge ýaramlylygy gowy. 

4-nji surat. Almanyň Nowaýy sorty

Altyn guýma. Agajy orta boýly, sütüni berk, gabarasynyň depesi gür ýaprakly.

Oturdylandan soňky 4-5-nji ýylynda miwe getirip ugraýar (5-nji surat).

Miweleri orta ululykda (100-130 gram), togalak, sary reňkli.

Miwesiniň eti dykyz, owunjak digir-digir bolup dur, suwly, turşumtyl-süýji tagamy bar. lýul aýynyň ahyrynda, awgustyň başynda hasyly ýetişýär. Her 7-8 ýaşan agaç 35-50 kilogram hasyl berýär. Miweleri bir aýa çenli saklap bolýar. Miweleri uzak aralyga äkitmäge ýaramly hasaplanylýar.

5-nji surat. Almanyň Altyn guýma sorty

Sary gabyk. Agajy gaty ösgün, gabarasynyň depesi giň konus şekilli we örän gelşikli. Miweleri orta ululykda 150-180 gram bolup, aşak tarapy çala süýnmegräk togalak şekilli bolýar. Gabygy ýaşylymtyl-sary reňkli, gyzgylt-sary öwüşginli. Gabygynyň ähli ýerinde garaja nokatlary bar. Miwesiniň eti näzik, suwly, süýji, çala bildirýän turşy tagamly. Oturdylandan soňky 5-6-njy ýylynda hasyl berip başlaýar (6-njy surat).

Bu sortuň agajy gür şahalanýar, pyntyklary gowy açylýar.

Birýyllyk şahalarynyň üçden bir bölegini kesip aýyrmak we gabarasynyň depesiniň şahalaryny seýrekletmek maslahat berilýär.

Hasyly awgust aýynyň birinji ýarymynda ýetişýär we agajynda dökülmän durýar. Hasyllylygy gowy, 8 ýaşan agaç 50-60 kilogram hasyl berýär. Miwelerini ýyglandan soň iki aýlap saklap bolýar, uzak aralyga äkitmäge ýaramly hasaplanylýar. Bu sort mör-möjeklere we kesellere durnukly. 

6-njy surat. Almanyň Sary gabyk sorty

Gyzyl meňiz. Agajy orta boýly, sütüni sagdyn, göni, gabarasy piramida şekilli, şahalary we ýapraklary gür ýerleşen.

Almanyň dusen görnüşine sapylsa, oturdylandan soňky 4-5-nji ýylynda, paradizka görnüşine sapylsa, 2-nji ýylynda miwe getirip başlaýar.

Miweleri orta ululykda (120130 gram), süýnmegräkden togalak şekilli. Gabygy berk, gün düşýän tarapy ullakan gyzgylt tegmillidir (7-nji surat).

Agaçlary köp mukdarda halkaly miwe baldagyny emele getirip, wagtyndan öň garraýar, şoňa görä-de her ýyl ösen şahalarynyň ujuny gaty gysgaltmak, şeýle hem, miwe getirýän köne şahalaryny seýrekletmek maslahat berilýär.

Miweleri awgust aýynyň birinji ýarymynda ýetişýär. Hasyllylygy ýokary, 25 ýaşynda hasyly 200-300 kilograma ýetýär. Miweleri ýyglandan soň 18-20 günüň dowamynda saklanýar we uzak aralyga ibermäge ýaramly bolýar. Miwelerini alma gurçugy gaty zaýalaýar. 

7-nji surat. Almanyň Gyzyl meňiz sorty

Ak altyn. Agaçlarynyň boýy ösgün, piramida şekilli, gabarasy seýrek şahaly bolýar.

Agaçlary 7-8 ýaşynda miwe getirýär, almanyň paradizka IX podwoýyna sapylanda bolsa, 3-4 ýaşynda hasyl berip başlaýar.

Miweleri birmeňzeş ululykda (120-140 gram), süýrgült şekilli, miwesiniň depesi süýnmek bolýar. Miwäniň gabygy sargylt reňkli, gün düşýän tarapynyň käte gyzaranlary hem bolýar, eti ak reňkli, näzik, suwly, özüne mahsus hoşboý ysly, turşumtyl-süýji tagamly bolýar

(8-nji surat).

Bu sort miwe getirýän şahalarynyň, pudaklarynyň köp dürlüligi, pyntyklarynyň we çybyklarynyň köp mukdarda emele gelmegi bilen tapawutlanýar.

Bu sortuň birýyllyk şahalarynyň uzynlygynyň üçden bir bölegini kesip aýyrmak maslahat berilýär. Şahalarynyň ujy kesilmese, agajynyň gabarasy örän uly bolýar, bu bolsa hasyly ýygmakda kynçylyk döredýär.

Miweleri sentýabr aýynyň ortasynda ýetişýär, olaryň tagamy oktýabryň aýagynda has hem gowulanýar. Hasyllylygy gaty ýokary, her 25 ýaşan agaç 300-350 kilogram miwe berýär. Miweleri ýolnandan soň 4-5 aýlap üytgemän öz durkuny saklaýar. Miweleriniň uzak aralyga ibermäge ýaramlylygy gowy. 

8-nji surat. Almanyň Ak altyn sorty

Şapak. Agajynyň ösüş güýji ortaça, gabarasy ýaýraň, giň piramida şekilli depesi bolýar. Oturdylandan soňky 4-5-nji ýylynda, almanyň paradizka IX podwoýyna sapylanda, 2-nji ýylynda miwe berip başlaýar. Miweleri orta ululykda (100-130 gram), togalak şekilli bolýar. Gabygy sargylt-ýaşyl reňkli, gün düşýän tarapy goýy gyzyl öwüşginli. Miwesiniň eti ak reňkli, suwly, süýji, hoşboý ysly.

Agaçlary ýönekeý halkaly baldagynda miwe getirýär. Pyntyklarynyň açylyşy talabalaýyk. Şahalarynyň ujuny köp kesmän, birýylyk baldagynyň üçden bir bölegini kesmek maslahat berilýär.

Miweleri sentýabr aýynyň ortasynda ýetişýär, ýyglandan soň 3-4 aýlap saklap bolýar. Miweleri ýere dökülmän, agaçda berk durýar. Hasyllylygy gowy, 25 ýaşan agaç 180-200 kilogram miwe getirýär

(9-njy surat).

Uzak aralyga äkitmäge ýaramlylygy gowy.  

9-njy surat. Almanyň Şapak sorty

Altyn çigit. Agajy ösgün, ýapraklary gür, gabarasynyň depesi tegelek, şahalary ýaýraň. Oturdylandan soňky 4-5-nji ýylynda hasyl berip başlaýar. Miweleriniň daşy sary, gabygynyň üsti goňur nokatly, orta ululykda (120-140 gram), togalak şekilli. Onuň eti sary, hoşboý ysly, dykyz, suwly, süýji. Çala bildirýän ýakymly turşulygy bar

(10-njy suraf).

Bu sortuň agajy köp şaha emele getiryär, pyntyklarynyň açylyş derejesi ýokary. Birýyllyk şahalarynyň üçden bir bölegini kesmek we agajyň depesini yzygiderli seýrekletmek maslahat berilýär. Ösmegini togtadan agaçlaryň 5-6 ýyllyk şahalarynyň ujuny kesip aýyrmaly. Gysga boýly ýabany ösümlige sapmak üçin gowy sort hasaplanýar. Kesellere we mör-möjeklere garşy durnuklylygy ýokary.

Miweleri oktýabr aýynyň başynda ýygylýar, noýabrdan marta çenli üytgemän saklanýar. Hasyllylygy ýokary, 25 ýaşan agaç 150200 kilogram hasyl berip bilýär. Miweleri ýere dökülmeýär. Uzak aralyga ibermäge ýaramlylygy gowy. 

10-njy surat. Almanyň Altyn çigit sorty

Çüliniň gök almasy. Agajynyň ösüş güýji ortaça derejede, gabarasynyň depesi tegelek, şahalary ýaýraň, ýapraklary gür ýerleşen.

Ir hasyl getirip başlaýar. Miweleri ortaça ululykda we iri (150-200 gram) bolýar. Olaryň şekili süýnmegräk togalak, gabygy sarymtyl-ýaşyl reňkli bolýar. Almasynyň eti ak reňkli, örän suwly, turşumtyl-süýji tagamly. Bu sortuň miwesiniň tagamy Yewropa sortlarynyň iň gowy miweleriniň tagamyndan pes bolmaýar.

Agaç ýönekeý halkaly baldaklarynda, ýaş şahalarynda, pudaklarynda miwe getirýär. Pyntyklarynyň açylyşy gowy, agajynda köp çybyk emele gelýär. Timarlananda şahany köp kesmän, birýyllyk şahalarynyň dörtden bir we üçden iki bölegini kesmek maslahat berilýär.

Miweleri sentýabr aýynyň aýagynda, oktýabr aýynyň başynda ýygylýar.

Hasyllylygy örän ýokary, 7 ýaşan agaç 60-70 kilogram, 25 ýaşan agaç bolsa 250-300 kilogram miwe berýär. Miweleri ýere dökülmeýär ýyglandan soňra maý aýyna çenli öz tagamyny, hil-sypatyny ýitirmän saklaýar. Onuň uzak aralyga ibermäge ýaramlylygy gowy.  

11-nji surat. Çüliniň gök alma sorty

Gyzyl gabyk. Agajy haýal ösýän, palmetta görnüşi timar bermäge ýaramly, ykjam şahalar toplumy (gabarasy), gür ýerleşen we ýogyn şahalary bolýar. Ýönekeý, çylşyrymly halkaly baldaklarynda, ýogyn we gysga şahajyklarynda miwe ösüp ýetişýär, oturdylandan soň 3-4-nji ýylynda miwe getirýär {12-nji surat).

Goýy gyzyl reňkli, daşy nätekiz, süýrümtil, agramy 180-190 gramlyk iri miweleri bolýar. Miwesi gabygynyň aşagy tutuş owunjak nokatly bolýar. Miwesi özboluşly ysly, turşumtyl-süýji, süýji tagamly, sarymtyl-ak reňkli etli bolýar.

Miweleri awgust aýynyň ahyrynda bişip ýetişýär. Hasyllylygy ortaça, her 7-8 ýaşan agaç 65-70 kilogram miwe berýär. Miweleri ýyglandan soňra, 1-2 aýlap özüniň tagamyny, hil-sypatyny ýitirmän saklaýar. Miweleriniň uzak aralyga ibermäge ýaramlylygy gowy. 

12-nji surat. Almanyň Gyzyl gabyk sorty

Hasylly. Agajynyň ululygy orta derejede, gabarasynyň depesiniň şahalary ýaýraň, tegelenip durýar. Yylda iki hasyl berýär. Yazyna ir alabaharda gülleýär. Oturdylanyndan soňky 4-5-nji ýylynda miwe getirip başlaýar. Orta ululykdaky we iri (160-200 gram) miweleri sargylt reňkli, gapdaly gyzgylt öwüşginlidir. Miwesiniň eti ak reňkli, orta dykyzlykda, turşumtyk-süýji tagamly bolýar. Bu sort hasylly çybyklary köp emele getirýär, pyntyklary gowy açylýar. Çybyklary kesilende birýyllyk baldaklarynyň üçden bir bölegini kesip aýyrmak we ýaş döwründe gabarasyny seýrekletmek maslahat berilýär.

Miweleri iýun aýynyň ahyrynda ýetişýär. Yokary hasylly 7-8 ýaşyndaky agaç 60-70 kilogram alma getirýär. Saklanyjylygy 30 güne çekýär. Miweleriniň uzak aralyga ibermäge ýaramlylygy gowy. 

 

Ak guýma. Agajy orta ululykda, gabarasy seýrek şahalardan ybarat bolup, giň piramida şekillidir (13-nji surat).

Miweleri ortaça ululykda, ýaş agaçlarda bolsa iri (150 grama çenlidir). Oturdylandan soňky 3-4-nji ýylynda miwe getirip başlaýar.

Miwesi togalagrak, süýnmek şekilli. Miwesiniň üsti küljümek, aksowult-sargylt reňkli. Miwesiniň eti ak reňkli, ýumşak, turşumtyk-süýji, ýakymly tagamly. Miweleri aşa bişeninde, eti has ýumşak we unjumak görnüşe geçýär.

Hasyly köplenç, halkaly miwe baldaklarynda emele gelýär.

Agaçdaky pyntyklarynyň açylyşy ortaça, çybyk emele getiriş ykyby gowşak. Birýyllyk çybyklarynyň üçden bir we üçden iki bölegini kesmek, halkaly miwe baldaklaryny yzygiderli seýreklendirip we ýaşardyp durmak maslahat berilýär.

Miweleri iýun aýynyň ahyrynda, iýul aýynyň başynda ýetişýär.

Zaýalanman saklanyjylygy bir-iki hepdeden köp däl. Hasyllylygy gowy, 7 ýaşan agaçlardan 40-50 kilogram miwe alynýar. Agaç 25 ýaşanda hasyllylygy 250 kilograma çenli ýetýar. Miweleri uzak aralyga äkitmäge ýaramsyz. 

13-nji surat. Almanyň Ak guýma sorty

Gök alma. Agajy sagdyn we ösgün, tegelenip duran ýaýraň şahalary, gür gabarasy bolýar. Oturdylandan soňky 4-5-nji ýylynda miwe getirip ugraýar. Miweleri iri we orta ululykda (120-160 gram), göze ýakymly, togalak bolýar.

Miweleri ýaşylymtyl-ak, göze ýakymly gyrmyzy zolaklary bar.

Miwesiniň eti melemtil-ak, dykyzlygy ortaça, hoşboý ysly, ýakymly turşumtyk-süýji tagamlydyr (14-nji surat).

Agajyň 2-3 ýaşly şahalary miwe getirýär, pyntyklary gowy açylýar, çybyklary köp emele gelýär. Birýyllyk çybyklarynyň dörtden bir we üçden bir bölegini kesip aýyrmak, ýagny aşa köp kesmezlik maslahat berilýär.

Miweleri iýul aýynyň ikinji ongünlüginde ýygylýar. Hasyllylygy yzygiderli we ýokary, 8 ýaşly agaçlar 50-60 kilogram miwe berýär. Miweleri 30 günläp üýtgemän durýar. Miweleriniň uzak aralyga ibermäge ýaramlylygy gowy. 

14-nji surat. Almanyň Gök alma sorty

Menekli gyzyl. Yokarlygyna tarap güýçli ösüşi bilen tapawutlanýan gür şahaly, ýaýraň gabarasy bolan agaçdyr. Yaş bag 4-nji ýaşynda miwe getiryär. Aprel aýynyň 15-20-si aralygynda gülleýär.

Garyşyk görnüşli miwe getirijilerden hasyl berýär. Miweleriniň agramy 80-120 gram. Yasy togalak şekilli, ýaşylymtyl-sary, miwe gabygy solak gyzyl reňkli bolýar {15-nji surat). Ýakymly ysly, ýumşak, süýji tagamly, agymtyl-ýaşyl reňkli miwe.

Miweleri ýere dökülýär, 5-15-nji iýulda hasyly ýygylýar. Ortaça hasyllylygy 80,7 s/ga, ýokary derejede ideg edilende 129,4 s/ga çenli miwe berýär. Ýygylandan soň bir aý saklanýar. Uzak aralyga äkitmek üçin ýaramlylygy pes hasaplanýar. 

15-nji surat. Almanyň Menekli gyzyl sorty

Irki gyrmyzy. Agajy orta boýly, sagdyn, tegelenip duran ýaýraň şahalary, gür gabarasy bolýar. 4-5-nji ýylynda miwe getirip ugraýar.

Miweleri ortaululykda(100 gram), ýaşylymtyl-ak, gözeýakymly bolýar. Miweleriniň gabygy galyň, açyk gyrmyzy reňkde, etlek bölegi suwly we orta süýjümtil turşy tagamly bolýar.

Miwesi iýunda bişýär we her düýpden 250-300 kilogram hasyly ýygylýar. Miweleri 15-20 günläp üýtgemän durýar. Daş ýerlere äkitmek üçin ýaramsyz hasaplanylýar.