Miweli baglary ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasy

Agrotehniki çäreler kadaly ýerine ýetirilende, miweli baglar öz wagtynda hasyla durýarlar we bol hasyl bermäge ukyply bolýarlar. Yaş agaçlaryň oňat düýp almagy we olaryň öz wagtynda hasyla durmagy üçin agrotehniki çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi möhümdir. 


Oturdylan ýaş nahallaryň doly düýp tutmagy, kök ulgamynyň dikel- megi, baldaklaryň oňat ösmegi, soňky 2-3 ýylyň dowamynda bolsa olaryň ykjam ösüp boý almagy üçin, topragy öz wagtynda işläp bejer- mek, wagtly-wagtynda suwarmak, şahalaryny kesişdirip timarlamak, şonuň ýaly hem ösüş döwründe olary zyýanly mör-möjeklerden we kesellerden goramak zerurdyr.

Miweli baglary ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasy

Miweli baglaryň düýbüni tutm ak üçin ýer saýlamak. Miweli baglaryň oturdyljak ýeriniň topragy gurply, ýerasty suwlary 3-4 metr çuňlukda, şorlaşmadyk, aralyk we ýeňil mehaniki düzümi bolan ekerançylyga ýaramly ýerler bolmaly.

 

Sürüm den öň dökün berm ek. Täze düýbi tutulan bagdaky oturdylan nahallaryň oňat düýp tutup, ösmegi üçin, şol meýdana sürüm geçirilmezden öň organiki we mineral dökünleri bermelidir. Şonda gektara 30-40 tonna ders, 400 kilogram superfosfat, 100 kilogram hlorly kaliý we 100 kilogram karbamid dökünlerini bermeklik maslahat berilýär. Bu işi geçirmegiň amatly möhleti ýurdumyzyň günorta etraplarynda 25-nji oktýabrdan 10-njy noýabra, demirgazyk etraplarynda bolsa 1-nji noýabrdan 10-njy dekabra çenlidir.

 

Haşal otlardan arassalam ak we sürüm geçirmek. Sürümden öň agaç oturdyljak ýerler daşlardan, beýleki ösümlikleriň galyndylaryndan, iri haşal otlardan arassalanylýar. Gamyş, çaýyr ýaly köpýyllyk haşal otlara garşy sprut, entoglifos, sonraund ýaly gerbisidleriň birini 6-8 1/ga kadada sepmeli. Gerbisid sepilenden 15-20 gün soň iki gatly azallar bilen 50-60 sm çuňlukda şüdügär sürümi geçirilmelidir.

Bu işi geçirmegiň amatly möhleti ýurdumyzyň günorta etraplarynda noýabr aýynyň 1-inden 15-ine çenli, Daşoguz welaýatynda we Lebap welaýatynyň demirgazyk etraplarynda bolsa noýabr aýynyň 1-inden dekabr aýynyň 10-yna çenli bolan döwür hasaplanýar.

 

Yerleri tekizlem ek we topragy taýýarlam ak. Meýdanlaryň oňat tekizlenmegi agaçlaryň endigan suwarylmagyny we netijede olaryň kadaly düýp tutmagyny, öz wagtynda hasyla durmagyny üpjün edýän möhüm agrotehniki çäredir. Bag oturdyljak ýerler sürümden soň tekizleýjiler bilen atanaklaýyn endigan tekizlenmelidir. Yerler tekizlenenden soň miweli baglaryň nahallaryny oturtmak üçin teklip edilýän çyzgytlar boýunça çukurlar gazylýar. Çukurlaryň çuňlugy 50-60 sm, giňligi 60-70 sm bolmaly. Bu işi geçirmekligiň amatly möhleti ýurdumyzyň günorta etraplarynda 5-nji noýabrdan 20-nji noýabra, demirgazyk etraplarynda bolsa 25-nji fewraldan 5-nji aprele çenlidir.

 

Miweli baglaryň görnüşlerini saýlap almak. Baglaryň düýbi tutulanda miweli baglaryň görnüşlerini we sortlaryny saýlap almak esasy wezipe hasaplanylýar. Yerli toprak-howa şertlerine baglylykda, miweli baglary ösdürip ýetişdirmek üçin maslahat berilýän görnüşleri:

1. Ahal, Mary we Lebap welaýatynyň günorta etraplarynda: alma, armyt, erik, şetdaly, garaly, alça, nar, injir, hurma, pisse, hoz we badam.

2. Balkan welaýatynyň Magtymguly, Etrek etraplarynda: nar, injir, hurma, zeýtun, endap, erik, hoz, ülje, badam, alma, armyt we şetdaly.

3. Balkan welaýatynyň Serdar, Bereket etraplarynda: alma, armyt, beýi, erik, garaly, alça we şetdaly.

4. Daşoguz welaýatynda we Lebap welaýatynyň demirgazyk etraplarynda: alma, armyt, beýi, erik, şetdaly, alça we garaly.

 

Miweli baglary ösdürip ýetişdirmek üçin maslahat berilýän sortlary:

Alma Gyzyl ýaňak, Sowgat, Altynsow ajaýyp, Nowaýy, Altyn guýma, Sary gabyk, Gyzyl meňiz, Ak altyn, Şapak, Altyn çigit, Çüliniň gök almasy, Gyzyl gabyk, Hasylly, Ak guýma, Gök alma, Menekli gyzyl, Irki gyrmyzy we ş.m.

Armyt Gyzyl sapak, Merdem, Sähra gözeli, Sary Saýwan, Altynsow, Altyn gabyk, Türkmen gözeli, Sary armyt, Köpetdag we ş.m.

Beýi Iri miweli, Hasylly, Sary ýygyrtly, Sary togalak, Änew, Yeňiji we ş.m.

Erik Ternaw, Ganygala-1305, Irki summar, Altyn şöhle, Gyzyl ýaňak, Gülgüne erik, Giçki nohur, Yaşlyk, Giçki hurmaýy, Saýwan, Nowaýynyň şanlysy, Ak şekerek, Sary suwhan, Gyzyl hurmaýy we ş.m.

Şetdaly Ak Farap, Altynsow şanly, Gülşen, Jeýhun, Aýdere, Elwan, Injir şetdaly, Gyrmyzy şetdaly we ş.m.

Garaly Buýra, Gyzylja, Gyrmyzy, Çendir, Galyň gabyk, Benewşe, Gök şarlawuk, Gök gabyk, Gara kişde, Iri miwe, Şapak we ş.m.

Alça Tomus gözeli, Gyzyl gabyk, Yakymly, Gök soltan, Gyzyl maý, Altyn salkym, Saraly we ş.m.

Ülje Garrygala, Saýwan, Pordere, Irki daýna we ş.m.

Çereşnýa Gyzyl nohur, Gara gözel we ş.m.

 

Miweli baglary oturtmak. Miweli baglar ýerleşdirilende, esasy we tozanlandyryjy sortlaryň gülleýän hem-de miwesiniň bişýän wagty deň gelmelidir. Eger-de esasy sort ir ýazda bişýän bolsa, tozanlandyryjysy hem şol döwürde bişýän bolmalydyr. Düýbi tutulýan bagda oturdylýan bag nahallaryny görnüşlerine baglylykda, çyzgyt boýunça ýerleşdirmelidir. Oturdylan agaçlaryň hatararalary tehnika bilen bejergi geçirmek üçin amatly bolmalydyr. Ekilýän bagyň görnüşine baglylykda, olaryň nahallaryny şu aşakdaky çyzgytlar boýunça oturtmaklyk maslahat berilýär:

 

Alma: 3x1 m, 3x2m, 4x1 m, 4*2m (pes boýly), 5x3 m, 5x4 m 6x3 m, 6x4 m (orta boýly) we 7x5 m, 8x6 m (ösgün boýly); Armyt: 4x2 m, 4x3 m (pes boýly), 5x3 m, 5x4 m (orta boýly) we 6x5 m, 7x5 m (ösgün boýly); Erik: 8x6 m, 6x5 nr, Beýi, şetdaly, nar: 5x3, 5x4 nr, Garaly, alça: 5x4 m, 6x5 m, 6x4 nr, Ülje, çereşnýa: 6x5 m, 6x4 m.

Ahal, Balkan, Mary welaýatlarynda we Lebap welaýatynyň günorta etraplarynda miweli baglary iki möhletde: güýz 10-njy noýabrdan 5-nji dekabra hem-de baharda 25-nji fewraldan 30-njy marta çenli, Daşoguz welaýatynda we Lebap welaýatynyň demirgazygynda diňe baharda 5-nji martdan 5-nji aprele çenli oturdylýar.  

 

Nahallar güýzde oturdylanda onuň düýbi kök boýnunyň 3-4 sm ýokary ýanyndan, ýazda oturdylanda bolsa 2-3 sm ýokary ýanyndan topraga gömülmelidir. Sapylan miweli baglar oturdylanda sapylan ýeri topraga gömülmeli däldir, ýagny 5-6 sm ýerden ýokarda bolmalydyr. Şonuň ýaly-da sapylan tarapy şemalyň güýçli öwüsýän ugruna bakdyrylmaly däldir. Şeýle hem, ýaş bag göni öser ýaly beýikligi 50-60 sm-den pes bolmadyk gazyklar kakylyp, olara nahallar ýüp bilen daňylýar. Bu işi geçirmek nahalyň kadaly düýp tutmagy üçin hem zerurdyr.

 

Oturdylan nahallary suwarm ak. Güýzde nahallar oturdylandan soňra olara 10-njy noýabrdan 5-nji dekabra çenli we ýazda 25-nji fewraldan 30-njy marta çenli gektara 500-600 m3 hasabynda suw tutulýar.

 

Yzgar suwuny tutm ak. Yaş baglara ýylda gyş aýlarynda 2gezekyzgar suwy tutulýar. Birinjisi 10-njyýanwardan30-njy ýanwara çenli gektara 1500 m3, ikinjisi 10-njy fewraldan 28-nji fewrala çenli 2000m3 suw harçlanýar. Yerasty suwlaryň derejesi ýokary bolan ýerlerde gyşyna suw tutulmaýar.

Hasyl berýän baglara birinji yzgar suwy 10-njy ýanwardan 30-njy ýanwara çenli gektara 1500 m3, ikinjisi bolsa 10-njy fewraldan 28-nji fewrala çenli gektara 2000 m3 hasabynda berilýär.

 

Baglary dökün bilen iým itlendirniek. Ýaş baglaryň kadaly ösüp, hasyl berip başlamagyny gazanmak üçin, olary ders we azotly dökünler bilen iýmitlendirmek zerurdyr. Miweli baglar kadaly iýmitlener ýaly gara malyň ýanan dersi suw bilen garylyp “şerbet“ usulynda hem berilýär.

Ýaş baglar ösüş döwrüniň dowamynda 2 gezek: 1-nji gezek gektara ammiak selitrasy 100-150 kilogram (günorta etraplarda 01-20.05, demirgazyk etraplarda 05-25.05), 2-nji gezek 150-200 kilogram (günorta etraplarda 10-25.06, demirgazyk etraplarda 15-30.06) kadada iýmitlendirilýär.

Hasyl berýän baglary 2 gezek: 1-nji gezek ammiak selitrasy gektara 180-200 kilogram (günorta etraplarda 01-20.05, demirgazyk etraplarda 05-25.05), 2-nji gezek 180-200 kilogram (günorta etraplarda 10-25.06, demirgazyk etraplarda 15-30.06) kadada iýmitlendirmeli.

Hasyl berýän miweli baglardan ýokary hasyl almakda güýz-gyş döwründe olary dökünlemegiň ähmiýeti uludyr. Bu döwürde her 3-4 ýyldan bir gezek gektara 30-40 tonna ders, her ýylda 600 kilogram superfosfat (400 kg/ga güýzde, 200 kg/ga ýazda sürümiň aşagyna), 100 kilogram hlorly kaliý (ýazky sürümiň aşagyna) we 125 kilogram karbamid berilmelidir. Dökünlemegiň amatly möhleti güýz paslynda Ahal, Balkan, Mary welaýatlary we Lebap welaýatynyň günorta etraplary üçin 5-nji noýabrdan 10-njy dekabra çenli, ýazda 1-nji martdan 30-njy marta çenli, güýz paslynda Daşoguz welaýaty we Lebap welaýatynyň demirgazyk etraplary üçin 1-nji noýabrdan 5-nji dekabra çenli, ýazdabolsa 15-nji martdan 10-njy aprele çenlidir.

 

Ösüş suwlaryny tutm ak. Ýaş baglara 8-10 gezek gektara 500-600 m3 hasabynda ösüş suwlaryny tutmak maslahat berilýär. Suw tutmagyň takmynan möhletleri we sany: aprel aýynda 1, maý, iýun, iýul, awgust aýlarynda her aýda 2 we sentýabr aýynda-da 1 gezek suwarylýar. Ýaş baglary sentýabryň ikinji ongünlüginden soň suw tutulmaýar.

Hasyl berýän miweli baglarda bolsa 5-6 gezek 800-900 m3 hasabynda ösüş suwlaryny tutmak maslahat berilýär. Hasyl berýän miweli

baglara suw tutmagyň takmynan möhletleri we sany: maý, iýun aýlarynda her aýda 1, iýul, awgust aýlarynda-da her aýda 2 gezek suwarylýar. Hasyl berýän miweli baglary sentýabryň ikinji ongünlüginden soň suw tutulmaýar. Yaş we hasyl berýän miweli baglar dökün bilen iýmitlendirilenden soň suw tutmaly.

Intensiw bagçylykda gysga (karlik) boýly miweli agaçlar ösdürilip ýetişdirilende, ösüş döwrüniň dowamynda 10-12 gezek, toprak-howa şertlerine baglylykda her 15 günden gektara 500-600 m3 hasabynda suw tutulýar.

 

Baglaryň hatararalaryny bejerm ek. Yaş baglaryň hatararalaryny haşal otlardan arassalamak we topragyň yzgar saklaýjylygyny hem-de suw geçirij iligini kadalaşdyrmak üçin ýylyň dowamynda çizeliň kömegi bilen 4 gezek, ýagny maý, iýun, iýul we awgust aýlarynda 18-20 sm çuňlukda bejergi geçirilýär.

Her ýylyň güýz we ýaz pasyllarynda miweli baglaryň hatararalary 30-35 santimetr çuňlukda sürülip agdarylýar. Bu işi geçirmegiň amatly möhleti güýzde 10-njy noýabrdan 15-nji dekabra çenli we ýazda bolsa mart aýynda ýerine ýetirilýär. 

 

M iweli baglary kesm ek we tim arlam ak. Baglaryň tiz hasyla durmagyny üpjün etmek maksady bilen ýaş baglarda hem-de hasyl berýän baglarda ýylda kesmek, timarlamak işi geçirilýär. Kesmek işleri geçirilende, ilki bilen guran, döwlen, tehnikanyň işlemegine päsgel berýän, kesellän şahalar kesilip aýrylýar. Ondan soň beýleki şahalar kesilip, baglar timarlanýar. Miweli baglary kesmek we timarlamak çäreleri gyş aýlary ýerine ýetirilýär. Bu iş howanyň tempraturasy 0°C-den ýokary bolanda, 15-nji dekabrdan 20-nji fewrala çenli, ýurdumyzyň demirgazyk etraplarynda bolsa 20-nji fewraldan 20-nji marta çenli döwürde geçirmeklik maslahat berilýär. Birinji nobatda, ir alabaharda gülleýän badam, ülje, şetdaly, erik agaçlaryny kesmeli we timarlamaly. Miweli baglar 2 usulda kesilýär, ýagny ýüzleý geçirilýän we düýpli geçirilýän kesim ulanylýar. Yüzleý geçilýän kesimde guran, zeper ýeten, keselli birýyllyk we köpýyllyk şahalary kesilip aýrylýar hem-de geçen ýylky birýyllyk baldaklaryň 3/2 bölegi gysgaldylyp aýrylýar. Düýpli geçirilýän kesimde bagyň birýyllyk we köpýyllyk şahalarynyň hemmesi kesilip gysgaldylýar. Miweli baglaryň gabarasy şu aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:

howa we ýagtylyk agajyň şahalaryna erkin aralaşar ýaly, onda birmeňzeş göni sütünli hasyl şahalary agajyň sütüninde we töwereginde endigan ýerleşmelidir.

agajyň şahalarynda emele gelen bol hasyly söýgetsiz göterip biler ýaly, agajyň esasy sütüni bilen mäkäm birleşmelidir.

 

Baglaryň düýbünden çykan ösüntgilerini aýyrm ak. Baglaryň köp görnüşi sütüninden we kökünden ösüntgileri çykarýarlar. Olar öz wagtynda aýrylmasa, belli bir derejede hasylyň peselmegine getirýär.

Şonuň üçin baglaryň sütüninden we kökünden çykýan ösüntgileri 1-nji maýdan 15-nji sentýabr aralygynda yzygiderli aýryp durmaly.

 

Miweli baglary ir baharda sowukdan goramak. Hasyl berýän şänikli miweli baglar, ýagny badam bagy fewral aýynyň aýagyna, şetdaly we erik baglary martda gülleýär. Şu döwürde howanyň -l,5-3,0°C -a çenli sowamagy güllere uly zyýan ýetirmeýär. Emma howanyň ýazky aýazy -4°C-a çenli aşak düşse, miweli baglaryň gunçalaryna, güllerine we miwe düwünçeklerine uly zyýan ýetirýär.

Şeýle ýagdaýda baglara suw tutmak, hatararalarynda tüsse döredýän ders garyndyly saman ýakmak maslahat berilýär.

 

Miweli bagyň hasylyny gorap saklamak. Miweli bagyň hasylyny gorap saklamak üçin, bol hasyl getiren şahalary döwülmekden, jaýrylmakdan goramak üçin hasylly şahalaryna direg edilýär. Miweli baglar oturdylanda, deň gülleýän we miweleri bir wagtda bişip ýetişýän sortlardan tozanlandyryjy sortlar oturdylmalydyr. Esasy sortlaryň 8-10 hataryndan soň 2 hatar tozanlandyryjy sortlar oturdylmaly.

Miweli baglaryň oňat tozanlanmagy we tozanlandyrylmagy üçin 5 ga meýdana bir balary maşgalasyny goýmak maslahat berilýär.

Miweli baglaryň hatarlary gündogardan günbatara tarap goýulsa, Gün deň derejede endigan düşýär.