Ösümliklere esasy peýdaly maddalaryň ýetmezçili we zäherlenme alamatlary

 

Ýaşamak, ösmek we köpelmek üçin ösümliklere dogry gatnaşykda we dogry mukdarda peýdaly maddalara ätäçdir.  Peýdaly maddalaryň mukdary gereginden az bolanda ösümlikler iýmit ýetmezçiliginden ejir çekýärler. Maddalar gereginden artyk bolanda olar keseliň alamatlarny ýüze çykarýarlar. Peýdaly maddalaryň çenden aşa köpligi ýada azlygy näsazlyklara getirip biler.

Aşakdaky tablisada  ösümlikleriň esasy peýdaly maddalaryň ýetmezçiligiň we artyklygynyň alamatlary görkezilen.  

 

Üns beriň! 

 

Ýaş ýapraklarda demir, kalsiý, marganes, bor, mis we kükürdiň ýoklugy görünýär. Magniý, sink, kaliý, fosfor, molibden we azot ýetmezçiligi gowy bişen we köne ýapraklar bilen kesgitlenýär.  

 

Käbir ösümliklere ýokumlylygyň ýa-da zäherlenmäniň dürli alamatlarynyň bardygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Dogry çözgüdi üpjün etmek üçin ösümlikleri seresaplylyk bilen barlamaly. Kesgitli alamatlar üçin nädogry çözgüdi ulanyp girdeji we wagt ýitirmezlik üçin oba hojalygy hünärmenine ýüz tutuň.  

 

Okuw bilen tanyşmazdan ozal himiki elementler we olaryň älemdäki orny baradaky bilimleriňizi täzelemek maslahat berilýär. Elektron okuw e-bilim web sahypasyndan gysga wideo sapaklaryny hödürleýäris. 

Makroelementler we mikroelementler

Makroelementler  

Makroelementleri topraga ösüş möwsüminde azyndan ýylda 1 gezek ulanmaly 

AZOT (N)

Ýetmezçilik alamatlary:

Ösümligiň aşakky bölegindäki köne yapraklaryň umumy saralmasy. Ösümligin galan bölekleri açyk yaşyl reňkde (ýokardaky suratda: azot ýetmezçiliginiň alamatlary bolan pomidor ýapraklary).   

 

Zäherlenmeginiň/artyklygynyň alamatlary

Etli-çylkaly ösüş, ýapraklar garaňky ýaşyl, ýogyn we ejiz, ýaramaz miwe toplumy.  Azotyň artyklygy kalsiý ýetmezçiligine getirip biler. 

 

Bellikler: 

Köp ösümlikler azody ammiak ýada nitrat görnüşinde kabul edýärler.  Bu görnüşler suwda ansat ereýär we ýuwulup gidýärler.  


FOSFOR (P)

Ýetmezçilik alamatlary:

Ýapraklaryň uçlary ýanan ýaly görünýär, yzy bilen köne ýapraklaram gara ýaşyl ýada gyzylymtyl bolýarlar (ýokardaky suratda: fosfor ýetmezçiliginiň alamatlary bolan pomidor ýapraklary). 

 

Zäherlenmeginiň/artyklygynyň alamatlary:

Sink (Zn), demir (Fe) we mis (Cu) ýetmezçiligi görnüşnde ýüze çykýar. 

 

Bellikler:

Ösümlikler fosfory fosfat görnüşinde siňdirýär. Bu görnüş suwda gaty haýal ereýär, ýöne pH derejesi ösümlik tarapyndan fosforyň sarp edilmegine güýçli täsir edýär. 


KALIÝ (K)

Ýetmezçilik alamatlary:

Köne ýapraklar solýar, ýanan ýaly görünýär. Damarara hloroz aşakdan başlap, ýapraklary gyrasyndan ýakýar (ýokardaky suratda: kaliý ýetmezçiliginiň alamatlary bolan pomidor ýapraklary).   

 

Zäherlenmeginiň/artyklygynyň alamatlary:

Ösümlikde N ýetmezçiligini ýüze çykarýar we beýleki polojitel ionlaryň Mg we Ca kabul edilmegine täsir edip bilýär.  

 

Bellikler: 

Ösümlikler kaliýni toprakdan ansat ýuwulup gidýän ion görnüşinde kabul edýär. Çöl topraklarynda köplenç kaliý köp bolýar we ýetmezçilik meseleleri seýrek duş gelýär. 


KALSIÝ (Ca)

Ýetmezçilik alamatlary:

Täze ýapraklar (ösümligiň ujyndaky) gyşaran we dogry şekilde däl. Çüýremege getirip bilýär (ýokardaky suratda: kalsiý ýetmezçiliginiň alamatlary bolan pomidor ýapraklary). 

 

Zäherlenmeginiň/artyklygynyň alamatlary

Magniý siňmesine böwet bolýar, kalsiniň artyklygy adatça beýik pHa getirýär we köp maddalary çökerýär şonlukda olar ösümlikler üçin elýeter bolman galýar. 

 

Bellikler: 

Çöl topraklarynda köplenç kalsiý köp bolýar we ýetmezçilik meseleleri seýrek duş gelýär. Kalsiniň artyklygy beýleki maddalaryň kabul edilmegini çäklendirip biler.  


MAGNIÝ (Mg)

Ýetmezçilik alamatlary:

Köne ýapraklaryň ujy saralyp, ýapragyň ortasyna ýaýyň ujy şekilli ýaşyl tegmil goýýar (ýokardaky suratda: magniý ýetmezçiliginiň alamatlary bolan pomidor ýapraklary). 

 

Zäherlenmeginiň/artyklygynyň alamatlary:

Kalsiniň siňmegine päsgel berýär; köne ýapraklarda kiçi nekrot tegmiller, köne ýapraklardaky kiçi damarlar goňura öwrülýär; söňky derejesinde  täze ýapraklarda tegmiller döräp biler.

 

Bellikler: 

Ösümlikler magnini ion görnüşinde kabul edýärler (zarýadly bölejik), ol toprakdan ansatlyk bilen ýuwulýar, eger kalsiý ýok bolsa. 


KUKURT (S)

Ýetmezçilik alamatlary:

Ilki täze ýapraklar saralýar, yzy bilen köne ýapraklaram saralyp biler (ýokardaky suratda: kukurt ýetmezçiliginiň alamatlary bolan pomidor ýapraklary).   

 

Zäherlenmeginiň/artyklygynyň alamatlary

Kükürt artyklygy adatça howa hapalanmasy görnüşde bolýar.  

 

Bellikler: 

Ösümlikler kükürdi sulfat görnüşinde kabul edýärler, ol toprak aňsat ýuwulýar. Kükürt topragy turşadyp bilýär (pes pH).  


Mikroelementler

 

Ýetmezçilik alamatlary ýüze çykanda peýdanylýar

BOR (B)

Ýetmezçilik alamatlary:

Ujyndaky pyntyklar ölýär, “süwse” şekile gelýär (ýokardaky suratda: bor ýetmezçiliginiň alamatlary bolan pomidor ýapraklary). 

 

Zäherlenmeginiň/artyklygynyň alamatlary:

Ýapraklaryň uçlarynda we gyralarynda nekrotik tegmiller görünýär, gyrada ýakylýar (güýçli duzly ergin bilen ýanýan ýaly); ilki köne ýapraklara täsir edýär; Borlary aşa köp ulanmak bilen ösümlikler çalt we agyr zaýalanýarlar.  

 

Bellikler:

Osümlikler bory borat görnüşinde kabul edýärler. Köp orulýan meýdanlarda has bildirýär.  


HLOR (Cl)

Ýetmezçilik alamatlary:

Solup mis reňk bolan ýapraklar hlorotik bolup ölýärler (ýokardaky suratda: hlor ýetmezçiliginiň alamatlary bolan pomidor ýapraklary). 

 

Zäherlenmeginiň/artyklygynyň alamatlary:

Duzlardan şikeslenen, ýapraklaryň ýanmagy, sukukulent ýagdaýy tijeýar.  


MIS (Cu)

Ýetmezçilik alamatlary: Ýapraklar garaňky ýaşyl, ösuşden yza galýar (ýokardaky suratda: mis ýetmezçiliginiň alamatlary bolan pomidor ýapraklary).   

 

Zäherlenmeginiň/artyklygynyň alamatlary:

Pes pH ýagdaýda ýüze çykýar, Fe ýetmezçiligi ýaly geçýar.  

 

Bellikler:

Ösümlikler misi ion görnüşde kabul edýärler.  


DEMIR (Fe)

Ýetmezçilik alamatlary:

Saralma täze ýapraklaryň arasyndaky damarlarda ýüze çykýar (ýokardaky suratda: demir ýetmezçiliginiň alamatlary bolan pomidor ýapraklary). 

 

Zäherlenmeginiň/artyklygynyň alamatlary: 

Suw alan ýerlerden başga ýerlerde seýrek duşgelýär. 

 

 

Bellikler: 

Ösümlikler demiri kökleri bilen deň hatarda ýapraklaryndan hem kabul edýärler. Kabul edilmesi pHa bagly. Helatirlenen demir ösümlikler üçin elýeterdir. Demiriň başga görnüşleri toprakda doňýar. 


MARGANES (Mn)

Ýetmezçilik alamatlary:

Saralma täze ýapraklaryň arasyndaky damarlarda ýüze çykýar. Tegmiller demir ýetmezçiligindäki ýaly bildirenok. Palma yapraklary gyşaran we deformirlenen uçlary buýra görnüşde. Ösümligiň böleklerinde (ýapraklarynda, baldagynda, miwelerinde) möçberiniň kiçelmegi.  Öli nokatlar we tegmiller (ýokardaky suratda: marganes ýetmezçiliginiň alamatlary bolan pomidor ýapraklary).   

 

Zäherlenmeginiň/artyklygynyň alamatlary:

Ösuşinde yza galmak, ýapraklarynda goňur tegmiller, demir ýetmezçiligini ýaly ýüze çykýar. Güýçli turşy şertlerde gabat gelýär. 

 

Bellikler:

Ösümlikler marganesi kökleri bilen deň hatarda ýapraklaryndan hem kabul edýärler.  


MOLIBDEN (Mo)

Ýetmezçilik alamatlary:

Köne ýapraklaryň umumy saralmasy (ösümligiň aşagy bölegi) ösümligiň galan bölegi adatça açyk ýaşyl reňkde (ýokardaky suratda: molibden ýetmezçiliginiň alamatlary bolan pomidor ýapraklary).   

 

Zäherlenmeginiň/artyklygynyň alamatlary:

Ýapraklarda sary ýada benewşereňk. Seýrek gabat gelýär.

 

Bellikler:

Ösümlikler molibdeni molibdat görnüşinde siňdirýär. 


SINK (Zn)

Ýetmezçilik alamatlary:

Ujundaky yapraklar tegelenip,saralma täze ýapraklaryň damarlarynyň arasynda peýda bolýar (ýokardaky suratda: sink ýetmezçiliginiň alamatlary bolan pomidor ýapraklary).   

 

Zäherlenmeginiň/artyklygynyň alamatlary:

Ösüşde has yzagalýar,gyzarma,yaramaz gögerme, köne ýapraklar solýar, tutuş ýaprak hlorozalýar, gyralary we esasy damarda reňkler durýar, sinklenen metal sebäp bolup biler.  

 

Bellikler:

Ösümlikler sinki kökleri bilen deň hatarda ýapraklaryndan hem kabul edýärler. Ýokary pH elýeterliligi çäklendirip bilýär. 


Topragyň pH derejesiniň ösümligiň ýokumly maddalary kabul etmek ukybyna täsiri  

Toprakdaky turşülylyk-agşarlylygynyň gatnaşygy onuň esasy hilidir. Ilki bilen ösümlik durmuşynyň ähli prosesleri üçin zerur bolan mikro we makroelektrleri kabul etmek ukybyna täsir edýär.  

Tablisada ösümlikleriň elementleri alyp bilýän şertleri görkezilýär. Her aýratyn element üçin amatly pH derejesi ýaşyl reňkde bolýar. pH derejesi şkalanyň düýbünde görkezilýär.