Biz barada

Biz öz bagçylyk hojalygymyzyň gözlegini we taýýarlygyny 2005 ýyldan başladyk. Biziň maksadymyz ýerli bazar üçin organiki miwe önümleriniň durnukly öndürilmegi bolup durýar. Biz – Baharly etrabynyň “Garry Nohur” daýhan birleşiginiň agzalary we biziň bagymyz Köpetdagyň merkezinde deňiz derejesinden 1200-1310 m beýiklikde ýerleşýär. Siz suratlary şu ýerde görüp bilersiňiz. Biz we ynançlarymyz hakda, biziň bilen göni aragatnaşyk we çekişmeler - bu ýerde.